Daşary ýurtda okamak türkmen studentleri üçin gaçybatalga

Daşary ýurtda okamak türkmen studentleri üçin gaçybatalga

Studying abroad offers an escape from the conformity of life in Turkmenistan. (Photo: IWPR)
Studying abroad offers an escape from the conformity of life in Turkmenistan. (Photo: IWPR)

 

Türkmenistandan müňlerçe student her ýyl daşary ýurtda okamak üçin syýahat edýär, ýöne olaryň kem-kemden köpelýän topary daşary ýurtda azatlyk tagamyny duýanyndan soň, yzyna öýüne dolanmazlygy saýlap alýar.

Studentler Türkmenistana gaýdyp gelmezlik üçin dürli sebäplere salgylanýarlar: ýurtda giňden ýaýran korrupsiýa, iş mümkinçilikleriniň ýetmezçiligi, hem-de häkimiýetleriň eden-etdilik bilen gynamalaryndan gaça durmak islegi.

Türkmenistan bir-partiýaly, hiç-hili garaşsyz habar beriş mediaýasy bolmadyk, polisiýa döwleti bolup durýär. Howpsyzlyk gulluklary hemme ýerde. Olar telefonlary diňleýärler, internet traffigine (akymyna) gözegçilik edýärler we şubhe bildirilýän adamlary ýurtdan çykmakdan saklaýarlar.

Iki müň türkmen studentiniň 2011-nji ýylda resmi, döwlet tarapyndan hasaba alynýan, programmalar boýunça Russiýa, Gazagystan, Belarus we Ukraina ýaly ýurtlara, we şeýle-de Hytaýa, Birleşen Ştatlara we Ýewropa okmaga gidendigini resmi statistika tassyklaýar.

Özbaşyna, şahsy esasda daşary ýurda okamaga gidenleriň sany belli däl bolup, Bilim Ministrliginiň bir işgäri daşary ýurtdaky studentleriň sanynyň 40 000-den gowrakdygyny aýtdy.

Anonim esasda gürrüň edip, ol döwlet işgäri studentleriň yzyna dolanyp gelmezlik kararyna gelmeginiň kem-kemden artýandygyny aýtdy.

22 ýaşly Akmyrat okuwyny gutarandan soň Türkýedegalypdyr. Ol özüniň şol ýerdäki durmuşyny halaýandygyny aýtdy, sebäbi ol ýerde oňa özüni alyp barşy üçin dissident diýlip bellige alnaryn öýdüp alada etmek zerurlygy ýok.

“Türkmenistanda ýaşlaryň geljegi ýok” diýip ol aýtdy.

Resmi internet sahypasy bolan Türkmenistan.ru daşary ýurtda okaýan studentleriň “Türkmenistanda zerur bolan professiýalary ele almakda” möhüm rol oýnaýandyklaryny belleýär, hem-de Türkiýeden kanikula gelmek üçin studentlere öň arzanladylan biletleriň hödürlenendigini aýdýar.

Ýöne Akmyrat barybir Türkiýede galmak isleýär. Türk polisiýasynyň ony eýýäm bir gezek degişli wizasy ýoklugy üçin tussag edendigine seretmezden, ol deportasiýa edilmän galmagy başarypdyr.

“Men bu ýerde nelegal [kanuna gabat gelmeýän] bolsamam, men öz-özümi üpjün edip bilýän. Men bu ýerde kanuny esasda galmagy planlaşdyrýäryn” diýip ol aýtdy.

Maksat, Ukrainanyň paýtagty Kiýewde okaýan student, soňky bäş ýylyň dowamynda öýüne gelmändir, sebäbi ol hökümediň 'gara spisogyna' goşulyp, Türkmenistandan çykmaga ýol berilmezliginden, ýa-da gizlin gulluklar tarapyndan ýurda wepaly däl diýlip aýyplanmagyndan gorkýar.

2009-njy ýylda birnäçe aýyň dowamynda türkmen häkimiýetleri 150 studenti ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän, Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde ýerleşýän Merkezi Aziýa Amerikan Uniwersitetine öz okuwyny dowam etmäge gitmekden sakladylar.

Bu ýagdaý Günbatarly diplomatlaryň arasynda gahar-gazap, studentleriň arasynda bolsa alaçsyzlyk duýgusyny döretdi. Azatlyk Radiosynyň aýtmagyna göra, ol studentlere ahyrsoňy ýurtdan okamaga gitmäge ýol berildi, ýöne Bişkege däl-de Bolgariýa.

Maksat hem Türkmenistana dolanyp gelse ýurtdan çykmak gadagan ediler diýip gorkýar, hem-de yzyna gelmän, Ukrainada ýerleşmegi planlaşdyrýar.

“Biz okuwy gutaranymyzdan soň öýümizde näme garaşýanyny bilemizok - öz öwrenen başarnyklarymyzy ulanyp bilerismi, ýa näme buýursalar şony etmeli bolarysmy?” diýip ol aýtdy.

Käbir talyplar üçin, daşary ýurtlarda giňden elýeterli bolan internet olara azatlyk duýgusyny berýär we olar şol duýgyny ýitirmek islänoklar.

Yhlas, Kiýewiň Taras Şewçenko Uniwersitetinde okaýan 20 ýaşly student, onuň özüniň we dostlarynyň internetde öz pikirlerini erkin beýan etmäge endik edendiklerini aýtdy.

“Türkmenistanda beýle mükinçilik bolmaz, şonuň üçinem biz yzymyza dolanyp barasymyz gelenok” diýip ol aýtdy.

Köp türkmen studentleri Russiýanyň industrial şäherleriniň biri bolan Ufada nebit-himiýa ugrundan okaýarlar, sebäbi Türkmenistan nebite we aýratynam tebigy gaza baý ýurt.

Ol ýerdäki studentleriň biri IWPR-a özüniň rus maşgala öýlenendigini we kanuny ýaşaýyş statusyny alandygyny aýtdy. Onuň käbir dostlary bolsa öýüne dolananyndan, Russiýada 'nelegal' bolup galmak isleýärler.

Daşary ýurtda okamak Türkmenistandan gitmegiň ýeke-täk ýoly däl.

Migrasiýa gullugynyň paýtagt Aşgabatly işgäriniň aýtmagyna görä, köp türkmen graždanlary Russiýa, Ýewropa, Birleşen Arab Emirliklerine ýa-da Eýrana gysga möhletleýin dynç alyş putýowkalary bilen gidýärlerde, soň yzyna dolanmaýarlar.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.netadresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.

 

 

Youth
Frontline Updates
Support local journalists