Döwlete degişli däl guramalar Türkmen - ABŞ dialogyna gatnaşmak isleýärler

Döwlete degişli däl guramalar Türkmen - ABŞ dialogyna gatnaşmak isleýärler

Türkmenistandaky adam hukuklary we beýleki döwlete degişli däl guramalar ýurduň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen geçirýän resmi gepleşiklerine gatnaşmak isleýändiklerini aýdýarlar. 

ABŞ-Türkmen konsultasiýalarynyň birinji raundy 13-16-njy iýul aralygynda geçirildi. ABŞ delegasiýasyna Döwlet Sekretarynyň kömekçisi Robert Bleýk ýolbaşçylyk etdi.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy özüniň duşuşykdan öň çykaran beýannamasynda bu gepleşikleriň adam hukuklary we Owganystandaky ýagdaý, hopwpsuzlyk hyzmatdaşlygy, ykdysadyýet we energetika ýaly meseleleri goşmak bilen, gatnaşygyň ähli ugurlaryny öz içine aljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň içindäki we daşyndaky kommentatorlar ýerli adam hukuklary toparlarynyň bu dialog prosesinde gymmatly rola eýe bolup biljekdiklerini aýdýarlar, ýöne diňe olaryň hökümeti muňa ýol berse.

“Bu problema barada açyk gürrüňdeşlikler geçirilse bu adam hukuklary situasiýasyny gowulandyryp biler” diýip Aşgabatly bir žurnalist aýtdy. “Ýöne häkimiýetler bizi beýle duşuşyklara göýbermek islänok.”

Fransiýanyň adam hukuklary boýunça ýörite ilçisi Fransua Zimere ýakynda ýurda gelende Türkmenistanyň häkimiýetleriniň ýerli aktiwistleriň oňa duşmagynyň öňüni almak üçin çäreler görendigini gynanç bilen belläp geçdi.

“Köp aktiwistleriň telefonlary öçürildi we tussaglykdakylaryň garyndaşlarynyň öýleriniň ýakynynda howpsyzlyk gulluklarynyň işgärleri, islenilmeýän maglumatlaryň çykmazlygy üçin, gözegçilik etdiler” diýip bir syýasy tussagyň aýaly aýtdy.

Zimere özüniň Azatlyk radiosyna soňundan beren interwýusynda özüne syýasy tussaglara, olaryň maşgalalaryna ýa-da olaryň adwokatlaryna duşmaga ýol berilmändigini aýan etdi.

Fransiýada ýerleşen Merkezi Aziýadaky Adam Hukulary boýunça Assosiasiýanyň ýolbaşçysy Nadežda Ataýewanyň aýtmagyna görä Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow “kyn soraglardan” gaça durýar.

“Oňa öz garşydaşlaryny iň bolmanda birini azatlyga goýbereninden gaz eksportynyň bahasyny pesiräk etmek ýeňilräk” diýip ol aýtdy.

Ataýewanyň bellemegine görä, Türkmenistandaky aktiwistler dialogdan islendik bir pozitiw netije çykjakdygyna ynamsyz seredýärler.

Bolgariýada ýerleşýän adam hukuklary aktiwisti Täjigül Begmedowa ýerli toparlara öz hökümedi tarapyndan ABŞ bilen dialogyň bölegi bolmaga ýol berilmek mümkinçiliginiň gaty azdygy bilen razylaşdy.

Aşgabatdaky registrasiýa edilmedik döwlete degişli däl guramanyň agzasy hökümediň ýerli toparlary gürrüňdeşlige gatnaşdyrmak arkaly özlerini gowy görkezip biljekdiklerini aýtdy. Berdimuhammedow bu aýyň soňunda Brýusselde Ýewropa Birleşigi bilen duşuşanda özüniň 2007-nji ýylda döwlet başyna geçende wada beren reformalarynyň käbirleri boýunça gowy işleýändigini görkezmäge isleginiň boljakdygyny ol belledi.

Bu ýerde käbir ugurlar boýunça, mysal üçin bilimde we ýerli dolandyryş reformalarynda, käbir üýtgeşmeler bolup geçdi, emma adam hukuklary we azatlyklary gaty çäklendirilen ýagdaýda bolmagyny dowam edýär. Garaşsyz metbugat ya-da döwlete degişli däl gurama ýok, hem-de disidentler we žurnalistler horlanylýar, gara spisoga goşulýar we türmä basylýar.

“Ol nämeden gorkýar?” diýip döwlete degişli däl guramanyň aktiwisti aýdýar. “Türkmenistanda hiç-hili demokratiýanyň ýokdugyny hemmeler bilýärler. Belki öňa batyrrak bolmaga wagt gelendir. Iň bolmanda ol synanyşyp görmeli.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

 

Frontline Updates
Support local journalists