BMG Türkmenistandaky gizlin türmeleri aýan eder

BMG Türkmenistandaky gizlin türmeleri aýan eder

Sunday, 7 February, 2010
Türkmen adam hukuklary aktiwistleri Birleşen Milletler Guramasynyň täze hasabaty ýurtda gizlin saklanylýan tussaglara halkara derejede ünsi çeker diýip umyt edýärler.



BMG-nyň radiosynyň habar bermegine görä, BMG Adam Hukuklary Geňeşiniň martdaky maslahatynda dünýädäki gizlin türmeler baradaky hasabat görkeziler.



“Gizlin tussaglyk netijesinde adamlar kanuny ramkalardan çykarylýar we halkara düzgünlerde bar bolan hukuk goramalary, suda hödürlemek hukugy bilen bilelikde, doly ýok edýär” diýip, 66 döwletiň öň ýa-da häzirki wagtda adamlary gizlinlikde tussag edýändigini aýan edýän hasabat aýdýar.



Hasabaty taýýarlamak üçin barlagçylaryň topary gizlin türmeleri bar bolan ýurtlarda resmi işgärler, tussaglar we olaryň garyndaşlary, adwokatlar, gizlin türmeleriň tussaglary, olaryň maşgala agzalary we kanuny maslahatçylar blen gepleşdiler.



BMG-nyň adam gynamak meseleleri boýunça hasabatçysy, bu barlagy taýýarlanlaryň birisi Manfred Nowak şeýle diýdi: “Gizlin tussaglyk göniden-göni halkara adam hukuklaryna garşydyr.”



Türkmen adam hukuklary aktiwistleriniň aýtmagyna görä häkimiýetler gizlin tussaglygy syýasy tussaglara garşy ýarag hökmünde ulandylar. 2002-nji ýylda şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň garşysyna agdarlyşykdan soň aýyplananlaryň onlarçasy gizlin ýerlerde saklananlaryň ilkinjileri boldular. Olaryň nirededigini, nahili fiziki ýagdaýdadygyny we hatda dirimi ýa däldigini hiç kim bilenok.



“Biz bu barada hökman köpüräk açyk geplemeli we hökümediň gizlin türmeleri ýok etmegini hem-de olarda saklanýanlaryň atlaryny aýan etmegini talap etmegi dowam etmeli” diýip Aşgabatly hukuk aktiwisti aýtdy. “Bu saklanýan adamlara ol ýerlerde olmejekdigine we gizlinlikde jaýlanmajakdygyna umyt bermegiň ýeke-täk ýoly.”



Türkmenistanyň bilinýän 15 sany türmesi bar. Olaryň has bellisi paýtagt Aşgabatdan 50 km demirgazykda ýerleşýän Owadan-Depedir. Bu özüniň rehimsiz şertleri we gizlin gözenekleri bilen belli.

Frontline Updates
Support local journalists