Institute for War and Peace Reporting | Giving Voice, Driving Change

Bikanun işçiler

Türkmenistanda işsizligiň ýokary derejesi müňlerçe türkmen adamlary iş syýahatynyň kynçylyklaryna garamazdan Türkiýa bikanun işe gitmäge mejbur edýär.
By IWPR
ol bolsa uzyn we gymmat, şonuň üçin hem bunuň ýaly sýýahatlar kä wagtlar bütin maşgala büjetini alýarlar. Bikanun syýahatlar köplenç wiza edip berýän syýahat firmalaryň üsti bilen edilýär.



Lebap welaýatynda ýaşaýan üç çaganyň işsiz ejesi Jennet Myradowanyň beren gürrüňine görä, ýoldaşyny Istanbula işe göýbermäne pul tapmak üçin onuň maşgalasy hususy maşynyny, halylary we gap-çanaklary satmaly boldy.



Orsyýede we Gazagystana iş gözlemäge gidýän Orta Aziýanyň başga bikanun işçilerine garanda türkmenler köplenç Türkiýa gitmäge tapawut goýýarlar. Çünki wizany aňsat alyp bolýar hem-de otaýda köpräk töleýärler.



Galanda bolsa, türkmen işçileri hem deportatsiýa ýada iş berijiniň wyzdansyzlygy ýaly howplara duçar bolýarlar.



Galima Narbaýewanyň sürüji bolup işlän ýoldaşy Juma Istanbula gurluşykda işlemäge gidiptir. Ony otaýa çagyran çagalyk dosty aeroporta gelmänsoň, Juma onuň ýanyna birinji gelip işe çagyran nätanyş adamyň teklipine razy boluptyr.



Soň bolsa ony şol adam getiren gurluşykda dürli ýurtlardan gelip işleýän işçiler bolany ýüze çykdy. Olary hut şol gurluşykda ýerleşdirip, gowy naharlandyrman aýklaryny hem bermeýänler ekeni. Gaçyp bolamýardy, gurluşyk eýesi Jumanyň pasportyny alyp gaýtaryp bermeýärdi.



Amatly pursaty tapyp, eýesinden pasportyny ogurlap gaçyp bilmese, Jumanyň maşgalasyny görüp bilmegi hem gümanady. Bagtyna, onuň gaýdýan bileti bolansoň, ol oýüne gaýdyp bildi, emma bir aý kyn fiziki zähmeti üçin bir köpük hem alyp bilmedi.



Jumanyň aýdyşyna görä, bu hakyky gulçulyk düzgünine meňzeýärdi, çünki öz bikanun ýagdaýyny bilensoň işçiler ne kompensatsiýany talap edip bilýärler, ne de öz bähbitlerini gorap bilýärler.



Emma, bunuň ýaly wakalara garamazdan, Magtymgulydan (Balkan welaýatynyň günbataryndaky öňki Garry-Gala) Gulnara Batyrowa ýaly bir näçe üstünlikli çykan adamlaryň maslahatyna eýerip işsiz türkmenler ýene-de Türkiýe gitmäne dowam edýärler.



Gulnaryň aýdyşyna görä, ol bir ýyldan köpräk Istanbulda bir keseliň hususy medisina uýasy bolup işläptir. Aýynda oňa 800 dollar töläptirler, we dynç alan soň ol ýene-de eneke bolup işlemäne gitjegini aýdýar. Bu gezek, aýylygy iki esse az boljagyna garamazdan ol gitmäge niýetlenýär, çünki öz ýurdynda ol bunuň ýaly puly gazanyp bilmez.



Günde iki dollara ýaşaýan ýurtda adamlar Gulnaryň işi ýaly iş barada eşidip olar hem gidesi geleni täsin däl.



Jemgyýetçilik guramalaryň işgärleriniň pikirleri boýunça adamlara bikanun işiň netijeleri barada maglumat berip kyn ýagdaýa düşenlere kömek etmeli.



Emma türkmen häkimiýetler Juma ýaly adamlary görmeýärler. Halkara Migratsiýa Guramaçylygyň bu meseleni götermek synanyşmalary netijesiz galdy. Iki ýyl öň Türkmenistanyň migratsiýa boýunça halkara guramasy iş migrantlaryň goldama programmasyny girizmek kararyna geliptir, emma hökümetiň makullamasyny alyp bilmedi.



Bu mesele boýunça geçirilen ýygnaklaryň birinde Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň bir wekili ýurtda bikanun işçileriň trafiki ýok bolandygyny mälim ediptir. Onuň aýdyşyna görä, bunuň ýaly syýhatlara diňe ýeňil gyzlar bilen sataştyryjy adamlar gidýärdiler, indi bolsa bu mesele hem çözüldi, çünki bunuň ýaly adamlar jenaýat-protsessual kodeksyň maddasy boýunça jeza berilip bilýärler.



Şonuň üçin hem bu meseläniň ara alyp maslahatlaşmasy diňe Gazagystan, Gyrgyzstan hem-de Ukraina ýaly döwletleriň mysalynda geçirilyär.



Häkimiýetleriň bikanun işçileri meselesiniň ýurtda bar bolanyny kabul etmeýändigini düşünip bolýar. Ýurt ýolbaşçylygy 21-nji asyry turkmeniň altyn asyry ýaly yglan etti, we bar döwlet köpçülik maglumat serişdeleri täze zawodlaryň işe girizilmegi we netijede täze iş ýerleri peýda bolandygy barada habar berýärler. Bikanun migrantlaryň tolkyny barada maglumat bu propaganda zyýan getirip bilerdi.



Türkmenistanyň işsizlik derejesi barada resmi maglumatlar ýok. Emma, ekspertleriň takmynan hasaplaryna görä, ýurdyň ýarym diýen ýaly bölegi işsiz otyr.



Köp senagat kärhanalary çig mal bolmansoň işledilmeýärler.



Paýtagda nähili bolsada bir işi tapyp bolýar, emma ol hem hemme işlänleri iş bilen üpjün edip bilemýär. Emma, Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy Begli Gurbanowyň aýdyşy ýaly, etraplarda işi hasam tapyp bolamýar.