Berdimuhammedow Ýaponiýadan inwestisiýa gözlär

Berdimuhammedow Ýaponiýadan inwestisiýa gözlär

Friday, 27 November, 2009
Türkmen Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow dekabrda Türkmen-Ýapon Ykdysady Komitetiniň ýygnagyna gatnaşmak üçin dekabrda Ýaponiýa gitmekçi.



Ol suw arassalaýyş zawody we polipropilen zawody uçin ýapon inwestisiýalar planyny maslahatlaşar diýlip garaşylýar.



Türkmen-ýapon gatnaşyklary ykdysadyýete esaslanan, hem-de bilelikdäki komitet 1994-nji ýylda döredilipdi.



Itoçu, Mitsubişi we Mitsui ýaly kompaniýalar Türkmenistanda aktiw işläp, ýol gurmak, gazuw maşynlaryny üpjün etmek we gazy gaýtadan işleýiş zawodlaryny remont etmek bilen meşgullanýarlar.



1996-njy ýylda, iki döwlet Hytaýyň üsti bilen Günorta Koreýa we Ýaponiýa gitjek gaz prowodyny maslahatlaşdylar, emma bu planyň gaty gymmat düşjegi üçin bu hiç zada getirmedi.



NBCA-nyň synçylarynyň aýtmagyna görä, Ýaponiýanyň ýokary tehnologiýa bilimi we inwestisiýa kuwwaty ony, häzirki zaman tehnologiýalaryna ýiti zerurlyk çekýän Türkmenistan üçin wada-beriji partnoýora öwürýar.



“Eger Ýaponiýaly biznesmenler üçin ýakymly inwestisiýa sredasy döredilse, hem-de gümrük we salgyt proseduralary ýeňilleşdirilse, bu türkmen ykdasadyýetiniň peýdasy üçin uly öňe gidişlik bolar” diýip Bolgariýada ýerleşen türkmen ykdysady analitigi Annadurdy Hajyýew aýtdy.





Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists