Benzin Özbegistana daşap bolýar

Soňky iki ýylyň içinde türkmen ýangyçynyň goňşy Özbegistanyň territoriýasyna gizli isrip bolmasynyň möçberi üç esse köpelip, serhediň iki tarapyndaky ýaşaýjylara gazanç getirýär.

Benzin Özbegistana daşap bolýar

Soňky iki ýylyň içinde türkmen ýangyçynyň goňşy Özbegistanyň territoriýasyna gizli isrip bolmasynyň möçberi üç esse köpelip, serhediň iki tarapyndaky ýaşaýjylara gazanç getirýär.

Tuesday, 16 May, 2006
Her aýda Horezm hem-de Garagalpagystanyň gaçakçylary Türkmenistanyň territoriýasyndan ýüzlerçe tonna benzin daşaýarlar. Serhet söwdasy Özbegistan bilen Türkmenistanyň serhet zolagynda ýaşaýan adamlaryň gününi görmek üçin ýalňyz mümkinçilik usuly diýseň hem bolýar.



2002-nji ýylyň Noýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Saparmurat Niýazowyň janyna kast edilensoň, goňşy ýurtlaryň aragatnaşyklary bozuldy. Türkmenbaşy özbek häkimiýetlerini terroristleri özbek serhedinden gizli geçirenleri bilen günäkärledi. Bundan soň serhet söwda ýagdaýlary erbetleşip başlady. Emma iki Prezident bir birine gahar edip oturýança, serhediň iki tarapyndaky goňşylar umumy ykdysady giňişlik döretdiler.



Özbegistan nebit özbaşdaklygyny gazanyp bilmedi. Ýyldan-ýyla nebit çykaryş derejesi peselip barýar. Nebit ýetmezligi ýurtda adatdaky hadysa boldy.



Türkmenistanda bolsa köp harytlar Özbegistandakyndan köp esse arzan. Bundan iki ýyl öň gizli eksportyň ep-esli bölegini ýimit önümleri düzýärdi. Soň özbeklere tehnikany satmak peýdaly boldy. Benzin söwdasy bolsa hemişe girdejilidi. Bunyň sebäbini, benziniň Türkmenistanda 10 sentden, Özbegistanda 20 sentden satylan ýagdaýy doly görkezýar.



Özbegistanyň serhet zolagynda ýerleşýän bir etrap iliň arasynda “Kuweýt” ady bilen meşhur. Bu etrapda “gara altynyň” gazylyp alynýan ýerleri ýok, emma bu ýerde dogumly we başarjaň, benzin söwdasy bilen mesgullanan adamlar ýaşaýar. Maýda lomaý, ýöne söwdagär kän. Öň benziny açyk satýardylar, indi bolsa ýollaryň gyrasynda «76», «95» hem de “Diz” ýazylan çüýşeler dur.



Söwdagärler müşterilere benzinyň dürli markalaryny we dizel ýangyçy hödürleýärler. Maşyn gelenden derrew ýetginjekler ylgap gelýärler. Benzinyň bahasyny aýdyp, özleri benzobaky doldurýarlar. Benzinyň hilinden şüpheleneniňi görseler, derrew : “Dogan, bu türkmen benziny, import!”- diýip jogap berýärler. Ýerli militsionerler bu söwdagärlere üns bermeýärler, çüňki benzin satýanlar olaryň baklaryny mugt doldyryp berýärler.



Serhediň beýleki tarapyna türkmen benzinyny her hili ýol bilen geçirýärler. Kä wagt ýörite gaplarda serhedi kesip geçýän kanallardan goýberýärler. Benziny serhetden gizli geçirme usullary köp. Käbir başarjaň adamlar serhediň üstünden plastmas truba çekip beýleki tarapda arkaýyn satýarlarmyşyn.



Daşoguzyň ýaşaýjysy Muhammediň aýdyşyna görä, ol 50 golaý 10 litrlyk benzin kanistrany bile daňyp gaýykda geçirýär. Hem özbek hem türkmen gümrükçilerine paýyny töleýär. Muhammediň aýdyşy ýaly, hakimiýetler buňuň ýaly söwdadan habarlary bolansoň, çalt-çalt serhetçileri üýtgedip durýarlar. Bir gezek işe çykanynda Muhammed täge gümrükçiler bilen ylalaşyp bilmändir. Tussagdan gaçmak üçin bir müň dollara golay pul bermeli bolypdyr.



Daşoguzyň ýaşaýjylarynyň aýdyşlaryna görä, olar öň aňsat tikenekli simi galdyryp, beýleki tarapda garaşyp duran söwdagärlere benzinly kanistralary berip pulyny alyp bilýärdiler. Indi bolsa, şol ýerleriň töwereginde serhetçiler ýaşyrynyp, buky gurup durýarlar. Söwdagärler bolsa, benziny gizli geçirmek üçin täze ýol tapmaly bolýarlar. Käbirleri kanistralary, bidonlary ýaplardan göýbermeli bolýarlar, aňyrda garaşyp duran adamlar hem bolsa suwdan tutyp alýarlar. We adamlaryň bunuň ýaly usullary tapmaly bolandygy giň däl. Çüňki serhet söwdasy köp adamlar üçin özüni hem de maşgalasyny eklemek üçin tek ýoly.



Frontline Updates
Support local journalists