Aşgabatda öýleri ýykyp aýyrýarlar

2005-nji ýylyň Dekabr aýynyň ahyrky günlerinde Aşgabad şäheriniň merkezinde ýerleşýän köp kwartiraly jaýlaryň üçüsiniň ýaşaýjylaryna olaryň jaýlarynyň ýykylyp aýrylýandygyny mälim etdiler we üç günüň içinde kwartiralary boşaltmaly diýdiler. Emma öýlerinde

Aşgabatda öýleri ýykyp aýyrýarlar

2005-nji ýylyň Dekabr aýynyň ahyrky günlerinde Aşgabad şäheriniň merkezinde ýerleşýän köp kwartiraly jaýlaryň üçüsiniň ýaşaýjylaryna olaryň jaýlarynyň ýykylyp aýrylýandygyny mälim etdiler we üç günüň içinde kwartiralary boşaltmaly diýdiler. Emma öýlerinde

Saturday, 8 April, 2006
IWPR

IWPR

Institute for War & Peace Reporting

Türkmen maşgalalary köp çagaly, käbir kwartiralara resmi 6-8 adam ýazylan. Şonuň ýaly bir kwartiranyň ýaşaýjysynyň öýüne şäher häkimliginiň işgäri gelip jaylaryň ýykyljagy barada habar berende, ýaşaýjy niräk göçürilýändigini sorapdyr. Häkimligiň işgäri wagtlaýynça garyndaslaryňyzlarda ýada tanyşlaryňyzlarda ýaşamaly bolarsyňyz, az wagtdan soň hemmäňizi hokümet kwartira bilen üpjün eder diýipdir. Ýaşaýjylaryň näçe wagt garaşmaly bolarys diýip beren soraglaryna häkimlik işgäri entäk belli däl diýip gaçalaksaplak jogap beripdir.



Ýaşaýjylaryň köpüsi şeýle gysga möhletde wagtlaýynça ýaşamaga jaý tapmagyň kynlygyny nazara alyp göçürme möhletini süýşürmäni haýyş etdiler. Emma bu işiň bir gaptalynda bolan ýörite gullugyň işgärleri galmagal etmaň, özüňizi ýuvaş we ýerlikli alyp baryň we göçürme şertleri barada habary hiç kime ýaýratmaň diýip talap edipdirler.



Ertesi gün eýýam esgerleri getirdip ýaşaýyş jaýlaryň tamynyň üçegini, howlularyň haýatyny we karnizlary sökmäge başlapdyrlar. Üç gün soňra esgerler entäk adamlar göçmedik kwartiralara girip mejbury tertipde öýlerden mebelleri we adamlaryň zatlaryny daşary cýkaryp başlapdyrlar.



Etrap häkimliginiň işgäri ýaşaýjylara hemmäňize hökman jaý beriljek diýip wada beripdir. Emma hakykatda olara gowy bolanda diňe şäheriň daşynda jaý salmak üçin ýer uçastogy beriler.



Bir aý geçen hem bolsa söz berilen jaýlar entäk hem ýok, emma kimden näme talap etjek? Çüňki jaýyny ýitirenlere kompensasiýa tölenildi.



Eger adam ýaşamana ýaramaz ýer uçastogyny almana razy bolmasa oňa berilen uçastogy öz islegim bilen almadim diýen ýazga gol çekdirýärler.



Aşgabatda birnäçe sagadyň içinde sowet döwründe gurulan ýaşaýyş jaý sektorlary ýykylyp aýrylýar we olaryň ýerlerinde türk firmalar başga köp gatly jaýlary gurýarlar.



Paýtagtda ýaşaýan we jaýy ýykylyp aýrylan bir adamyň aýdyşyna görä ol eýýam iki ýyl maşgalasy bilen ene-atasynyň öýünde ýaşaýar. Şäher ýaşaýyş bölüminde oňa wagtal-wagtal birnäçe gezek şol täze mermer jaýlarda bahasy 10 protsent aşakladylan kwartira almasyny teklip edýärler. Hatda şu arzalanlamada da kwartiranyň bahasy ýönekeý adam üçin öräň gymmat.



Şol jaýlardaky kwartiralaryň dörtden üçüsi gymmatly we özüni ödemedik bolansoň boş dur. Ozal birnäçe müň adam ýaşap oturan ýaşaýyş jaýlaryň ýerinde üç sany köp gatly we boş kwartiraly jaylar ýalpyldap dur.

Frontline Updates
Support local journalists