Amyderýa köprüsi gurularmy, ýokmy?

Türkmen hem-de ukrain zakazçylaryň köprüniň diregine gerek bolan sement hili barada dörän jedeliň netijesinde ýurdyň iň möhüm gurluşyk obýektleriň birisinde gurluşyk işleri duruzyldy.

Amyderýa köprüsi gurularmy, ýokmy?

Türkmen hem-de ukrain zakazçylaryň köprüniň diregine gerek bolan sement hili barada dörän jedeliň netijesinde ýurdyň iň möhüm gurluşyk obýektleriň birisinde gurluşyk işleri duruzyldy.

Tuesday, 25 July, 2006
Lebap welaýatynyň Atamyrat hem-de Kerkiçi şäherlerini birikdirýän Amyderýanyn üstünden geçýän demir ýol hem-de awtomobil ýollary Amyderýanyň sag kenaryndaky senagat regiony ýurdyň galan territoriýasy bilen transport aragatnaşygyny ýola salar.



Bu jedel iki tarap ministrlikleriň derejesinde razylaşyp bilmedigi üçin gelip çykdy. Hem-de dawa uzaga çekti gerek.



Türkmen tarap ukrain semendini ýurda getirmegini gadagan edip, Turkmenistanýň zawodlarynda öndürilen semendiň işledilmesini isleýär. Bu gurluşyk materialy bolsa köprü gurýan ukrain potratçylara ýaramaýar. Olar köprüň direginiň düýbini tutma işlerinde Ukrainada öndürilen, hem-de GOSTa laýyk gelen, ýokary hilli sementini ulanylmasy gerek bolanyny tassyklaýarlar. Bu gurluşyk obýektiniň baş hünärmenleriň birisiniň pikrine görä, ukrain inženerleriň kesirlik etmekleriniň sebäbi olar bu obýektiň tehniki hyzmaty bilen gurluşygyň hili üçin jogapkärçiligi öz üstüne alýarlar.



Gurluşyk material meselelerinden başga, köpri üçin seçilen ýer bilen bagly bir topar ähmiýetli kemçilirler ýüze çykdy. Türkmendeňizýollary derýa hemde deňiz parohodçylygynyň işgärleriniň aýdyşlaryna göra, hemişe jaryny üýtkedýän Amyderýanyň çalt akymy hem-de geň gylygy sebäbinden Atamurat şäheriniň ýakynynda köpri gurmak amatsyz. Hut şu ýerde derýa şonuň ýaly çuňňur ekeni, ukrain hünärmenleri düýbini tapyp bilenoklar. Diýmek, direkleri – ýagny köpriň düýbini oturdyp bolmaz.



Emma, derýaçy hünärmenleriň maslahatlaryna hiç kim eýermedi. Elbetde, Türkmenbaşynyň özi köpri guruljak ýeri görkezdi. Netijede şonuň ýaly göz önunde tutulmadyk çolaşyk hadysalar bolýar.



Bu sement jedeline çenli, iki tarap gurluşygyň başga meseleleri boýunça ylalaşygy gazanyp bilýärdi. Bu ylalasyklaryň esasynda köpiň uly toplama detallary, ýagny – metal galyplary, demir ýol hem-de awtomobil polotnolary - ukrain metallurgiýa zawodlardan getirilýärler. Galan gurluşyk meseleleri boyunçal olara Türkmenabad kärhanalary kömek edýärdi - ynha bunyünärmenleriň arasyndaky doly ylalaşyk diýsen bolýar.



Analitikleriň pikri boýunça ministrlik derejelerinde peýda bolan ylalaşyksyzlygy türkmen tarabyň namysjaňlygy bilen düşündirip bolýar.



Ara bolsa möhüm obýekt goýulan. Meselem, rus inženerleri guran demir ýol köprüsiýýäm ikinji ýüzýyllyk – 1889-njy ýyldan bäri hyzmat edýär.

Frontline Updates
Support local journalists