Alternatiw gaz ugurlary Türkmen tarapynyň üns merkezinde

Alternatiw gaz ugurlary Türkmen tarapynyň üns merkezinde

Russiýanyň Türkmenistandan gaz satyn almagyny kemeldýändigini mälim edeninden soň, gaz eksportlary üçin beýleki ugurlary gözlemek öňkidenem wajyp meselä öwrüldi.

Moskwanyň gaz importlaryny pes derejede saklamak baradaky karary prezident Dimitriý Medwedýewiň Türkmenistana oktýabr aýynyň soňundaky wizitinde aýan edildi. Munuň ykdasydy sebäbi bar. Russiýa özüniň üpjün edýän Ýewropa bazarlarynda islegiň peselmesini başdan geçirýär.

"Ýewropa tarap eksportlary geljek ýyllaryň dowamynda artdyrmak bize kyn bolup görünýär" diýip Russiýanyň premýer ministriniň orunbasary Wiktor Seçin Moskwadaky "Kommersant" gazetine aýtdy.

Russiýanyň energiýa giganty Gazpromyň 2010-ny ýylda türkmen gazyny tutuş satyn aljak möçberi 10 milliard kub-metre deň boljaga meňzeýär. Öňki ýyllarda 40-50 milliard kub metr töweregi gaz satyn alynýardy. Importlary kemeltmek kararyna 2009-njy ýylyň aprelinde, Russiýanyň gaz eksportlaryna bolan islegiň pese gaçmagy sebäpli gelindi.

Merkezi Aziýa - Merkez turbaprowodynda bolan partlama üçin gas almagyň duýdansyz kemeldilmegi günäkärlendi, hem-de bu partlama gaz üpjün etmegiň doly saklanmagyna getirdi. Hatda gaz turbaprowody dokuz aýdan soň gaýtadan dikeldilende hem, Russiýa gaz almagy diňe çäklendirilen möçberde dowam etdi.

Islegiň pese gaçmagynyň ýene bir netijesi Türkmenistandan Russiýa tarap Kaspi deňziniň kenary bilen geçmegi planlaşdyrylan turbaprowod boýunça işleriň hem saklanylmagy boldy. Russiýadaky çeşmeler turbaprowodyň geljeginiň bazar şertlerine bagly boljakdygyny aýdýarlar.

Rowşan Ibrahimow, Azerbeýjandaky Energýaýa Barlag Merkezininň başlygy, bu turbaprowodyň ilki bilen reklama hökmünde göz öňünde tutulandygyny aýtdy. Onuň pikiriçe bu türkmen gazyny Kaspi deňziniň üsti bilen transport etmek, we soňra ol gazy Azerbeýjandan başlanyp Russiýadan aýlanyp geçip, Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa geçirjek, geljeki Nabukko turbaprowodyna goşmak babatyndaky alternatiw planlara ýol bermezlik maksady bilen edilipdir.

"Bu proýekt ýerine ýetirmek üçin däl-de, täsir etmek üçin taýýarlanypdy” diýip Ibrahimow aýtdy.

Ol türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň bäsdeş turbaprowodlara bolan gatnaşygyny “pragmatiki" diýip atlandyrdy, ýagny “onuň Russiýa bilen açyk konflikti islemeýändigini”, hem-de günbatardaky potensial partnýorlardan ulyrak kepilnamalara garaşýandygyny aýtdy.

Beýleki analitikler häzirki ýagdaýyň Türkmenistana gaz eksportlarynda däp bolup gelýän Russiýa garaşlylykdan çykmaga we beýleki ugurlara çynlakaý seretmäge mümkinçiligi hödürleýändgini aýdýarlar.

Trans-Kaspi deňizasty turbaprowodynyň Nabukko turbaprowodyna goşulmagy barada gaty köp gürrüň edilendigine seretmezden, Türkmenistan suwuklandyrylan ýa gysylan tebigy gazy deňiziň üsti bilen tankerde daşamak arkaly bu ugurda has öňe gidip biler.

Ýurduň gündogaryndaky gaz depozitlerinden alnan gazy Kaspiniň kenaryndaky eksport terminallaryna ýetirjek, infrastrukturanyň wajyp bölekleriniň birisi bolan, Gündogar-Gunbatar turbaprowody eýýäm gurlup başlandy.

"Haçan-da situasiýa aýdyňlaşanda, bu turbaprowody aňsatlyk bilen günbatara tarap eksportlar üçin ulanyp bolar" diýip bu senagatyň spesialisti bolan Turkmennebitgaz döwlet konserniniň işgäri aýtdy.

Türkmenistan Günbatara tarap gaz eksportlaryny amala aşyrmagyň ýollaryny tapan ýagdaýynda, onuň öňünde özüniň gaz girdejileriniň nirä gidýändigi barada hasabat bermek ýaly beýleki päsgelçilikler emele geler. Häzirki wagtda bu informasiýa gizlinlikde saklanylýar we diňe 2008-nji ýyldan bäri käbir girdejiniň ykdysady stabilizasiýa fondynda saklanylýandygy barada ujypsyzja habar berilýär.

"Eger-de uly möçberdäki energiýa proýektlerine başlanylsa, onda günbatarly partnýorlar, esasanam Ýewropa Birleşigi we Birleşen Ştatlar hemişe maliýe aç-açanlygyna seredýärler we ony talap ederler" diýip Bolgariýada ýerleşýän türkmen ykdysady analitigi Annadurdy Hajyýew aýtdy.

Hajyýew şeýle-de ÝB-niň aç-açan býujetler barada teklipleri taýýarlaýandygyny we onuň Ýewropa eksportdan gelýän ähli girdejileriň döwlet gaznasynyň üstünden geçmegini hökmany şert etjekdigini aýtdy.

Oktýabryň başynda, iki halkara gözegçilik guramalary "Rewinýu Watç Instituýut” (The Revenue Watch Institute) we "Transparensi Interneşnel” (Transparency International) özleriniň girdeji gözegçilik indeksini çap etdiler, hem-de Türkmenistan onda iň 41 sany resurslara baý döwletiň arasynda iň pes orna mynasyp boldy.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.
 

Turkmenistan
Economy
Frontline Updates
Support local journalists