Ahmedinijad Türkmenistana saparda bolar
Ahmedinijad Türkmenistana saparda bolar
Türkmen Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow bilen awgust aýynyň 12-sindäki telefon gepleşiginde Ahmedinijad Döwletabad gaz käninden Eýran şäheri Hangirana çenli bolan gaz geçirijiniň resmi açylyşyna gelmäge razylaşdy.
Eýran häzirki döwürde her ýylda günbatar Türkmenistandaky Körpeje gaz ýatagyndan sekiz milliard kub metr gazy satyn alýar. Täze gaz geçiriji gunorta-gündogar Türkmenistandaky gaz ýataklaryndan öz başyny alyp, eksportyň möçberini alty milliard kub metr artdyrar.
Eýran we Türkmenistan iýul aýynyň ortalarynda gaz söwdasyny artdyrmagy ylalaşdylar, hem-de onuň ýyllyk mukdaryny geljekde 20 milliard kub metre çenli artdyrmagy planlaşdyrýarlar.
NBCA-nyň ekspertleri bu täze gaz geçirijiniň Türkmenistanyň öz gazynyň esasy bölegini satyn alýan Russiýa alternatiwa gözleýän wagtynda açylýandygyny belleýärler. Soňky aýlaryň dowamynda Aşgabat, dünýäde energiýa bahalarynyň pese gaçmagy sebäpli gaz üçin az pul tölemek isleýän Russiýanyň Gazpromy bilen käbir dawalara sezewar boldy.
Türkmenistan ýylda 80 milliard kub metr töweregi gaz öndürýär we şonuň 20 milliard kub metri ýurdyň içinde sarp edilip, galan bolegi eksport edilýär.