Aýlyk girdejiler

Türkmenistanyň kyn ykdysady ýagdaýlaryna garamazdan, ýurdyň ilaty dörän şertlere uýunlaşyp täze girdeji çeşmelerini tapmana dyrjaşýar.

Aýlyk girdejiler

Türkmenistanyň kyn ykdysady ýagdaýlaryna garamazdan, ýurdyň ilaty dörän şertlere uýunlaşyp täze girdeji çeşmelerini tapmana dyrjaşýar.

Thursday, 27 April, 2006
IWPR

IWPR

Institute for War & Peace Reporting

Garaşsyzlygy gazanandan soň Türkmenistan bir topar täze ykdysady kynçylyklara duş boldy. Türkmenistan gaz zapasy möçberi boýunça dunýäde onunjy ýeri eýeleýär. Emma buňa garamazdan, häzirki wagtda Türkmenistan girdejisi ortadan pes döwlet ýaly hasaplanýar.



Halkyň garyplyk derejesini bolsa, ilatyň ýarysynyň sap girdejisi iň pes aýlygyndan az bolan yagdaýy doly görkezýär. Türkmenistanda iň pes aýlyk – 1,5 million manatdyr, ýagny 66 amerikan dollary. Goşmaça girdeji gazanmak mümkinçilikler bolsa ýagdaýly. Emma, buňa garamazdan, ilat başga girdeji çeşmelerini tapmana dyrjaşýar.



Iliň bu günki ýaşaýyş ýagdaýyny ýatlap geçeniňde Türkmenbaşynyň bir wagtlar Türkmenistany ikinji Kuweýte öwürjek diýip beren wadalary aklyňa gelýär. Türkmenbaşy Prezident wezipesine täze girişen wagtlarynda Tükmenistanyň her raýaty aýry ýaşaýyş jaý hem-de maşyn bilen üpjün ediler diýip söz beripdir.



Biderek tama etmekten ýadan halkyň özi goşmaça pul gazanmak üçin her hilli ýollary tapan bolýar. Resmi işinden daşynda adamlar başga iş bilen de meşgullanýarlar – käbirleri öz güýjini önümçilik sektorynda synap görýär, käbirleri bolsa söwda bilen ýada dürli hünärler bilen mesgullanýarlar. Türkmen zenanlary işinden hem hojalyk aladasyndan boş wagtlarynda keşdeli ýakalary, milli tahýalaryny, turkmen halylaryny dokaýarlar.



Büzmeýin şäherçesiniň ýaşaýjysy Aýnanyň aýdyşyna görä, ol magazinda satyjy bolup işleýar. Onuň aýlygy 1 600 000 manat, ýagny 62 amerikan dollar. Aýna okuwçy gyzyny hem garry pensioner ejesini ekleýär. Maşgala büjetini 1 aý öň düzýär. Näçe puly näme harjajagyny öňünden ýazyp goýýar. Aýnanyň ejesi 550 000 manat, ýagny 22 amerikan dollaryna golaý bolan pensiýa alýar. Aýna pensiýanyň ýarysyna kesel ejesine zerur bolan dermanlary alýar. Öz aýlygynyň bir bölegini bolsa okuwçy gýzyna harjaýar. Galan puly hem aýlyk ýimit onümlerini almak üçin zordan ýetýär. Aýnanyň garry mamasy oňa bir wagtlar haly dokamak öwredeni gowy bolupdyr. Işden ýadap gelen bolsada, gijeleri Aýna dokma stanogynyň başynda geçirýär. Üç aýyň içinde bir uly däl haly dokap tanyş maşgalasyna 130 dollara satypdyr. Begenip, Aýna indi gyzynyň otagynda kiçijik remont edipbiljegini aýdýar.



Ahmet Ỳusupow bir döwlet edarasynda injener bolup işleýär. 80 amerikan dollaryna ýakyn aýlyk alýar. Işinden boş wagtynda maşynynda kireýkeşlik edýär. Aýlyk girdejisi aýlygy bilen bile 200 dollara golaý bolýar. Ahmediň aýaly işlänok, iki çagasy bilen öýde oturýar. 50 dollara golaý puly Ahmet öz ene-atasyna göýberýär, aýalynyň ene-atasyna bolsa ýimit önümleri bilen kömek edýär. Ỳene 50 dollar çagalarynyň okuwa taýarlyk kursy hem de iňlis dilinden hususy dersler üçin mugallyma tölenilýär. Ahmediň aýdyşyna görä, onuň maşyny bolmasa maşgalasy gaty kynçylyk çekerdi.



Türkmenistanyň aýallaryna ýekelikde çagalaryny eklemek gaty kyn düşýär. Emma Altyn elini gowşuryp oturanok. Adamy ölen soň Altyn dört çagasy bilen galdy. Çagalarynyň pensiýasy 20 dollara golaý. Bu pula Altyn derrew 15 kile un, 2 litr ýag alýar. Onyň aýdyşyna görä bu maşgalasyna bir aýa zordan ýetýär. 15 ýyl boýunça Altyn medsestra bolup işleýär. Aýlygynyň barysy, ýagny 75 dollara golaý pul ýimite gidýär. Iş wagtyndan daşky edilen iş haky 10 dollar edýär. Öýde zakaz alyp diken köýnekleri hem 20 dollar girdeji edýär. Altynyň uly ogly bu ýyl okuwy gutaryp wodokanala işe girdi, onuň aýlygy 63 dollar. Bu pulyň köpüsi çagalaryň mekdep okuw esbaplaryna we geýimlerine hajralanýar. Oglunyň aýlygyndan galan puly hem de köýnek tikme puluny Altyn täze holodilnik almak üçin toplaýar.

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists