Institute for War and Peace Reporting | Giving Voice, Driving Change

“Türkmen köçede”

Ystambulyň meşhur Merkezi Bazarynynyň bir burçyndan öwürseniz, birden özüňizi biygtyýar Orta Aziýa düşen ýaly duýarsyňyz. Bu uzap giden üsti bassyrmaly bazaryň kiçijik bölegi iliň arasynda “türkmen köçesi” yaly bellidir. Bu ýerde türk dili bilen bir hatar
By IWPR
Bu ýerdäki adamlaryň köpüsi türkmen, has dogrusy bu milli toparlar Türkmenistanyň däl, Owganystanyň türkmenlerinden. Türkiýede bu adamlar jebis we gujurly bileleşigi döredip, taryhy watany bilen hem aragatnaşyklaryny dowam etdirýärler.



1979 ýylda Sowet häkimiýetleri güýç bilen girip başlansoň türkmenleriň uly topary başga owgan etnik toparlary bilen günorta tarapa Päkistana göçüp gitdiler. Türkmenler üçin bu birinji köpçülikleýin göçme däl – bu toparlaryň köp bölegini Türkmenistanyň şu wagtky territoriýasynda ýaşan we 20-nji ýyllaryň başynda bolşewikleriň zulumundan gaçyp giden türkmenleriň zürýatlary düzýär.



Türkmen bosgunlaryň bir nesli Päkistanda öz milli dilinden başga urdu hem de iňlis dilini öwrenip ösüp ýetişdi. Türkmen toparlaryň üçünji akymy bolsa 1982-nji ýylda göçüp gitdi. Şol wagtlar Türkiýeniň Prezidenti Kenan Evreniň karary boýyunça 5000 türkmen adam Türkiýeniň raýatlygyny alyp bildi.



Bu göçen türkmenleriň topary Gara Deňiziň kenaryndaky Tokat welaýatynyň obalarynda ýerleşildi. Türk häkimiýetleri göçen adamlary ýer uçastogy, jaý we pul bilen üpjün etti.



70-nji ýyllarda owgan parlamentiniň agzasy bolan, türkmen bileleşiginiň täsirli lideri Abdulkerim Mahdum hem göçen adamlaryň arasynda bardy. Hatda, türk häkimiýetlerinden türkmen adamlaryna bosgun statusyny bermekligini ol haýyş ediptir. Mahdum şu wagta çenli Tokatda ýaşaýar, we onuň aýdyşyna görä, ol diňe maddy hal-ýagdaý düşünjeleri üçin Owganystanda göçmeýär.



Emma onuň käbir watandaşlary Ystambulda el hünär zatlaryny, ýagny meşhur türkmen halylaryny hem de milli şaýseplerini satmak şertleri gowy bolansoň, otaýa göçüpdirler. Wagt geçtigiçe, olar Merkezi Bazarynyň Terlikçiler köçesinde bir topar dükan açyp täze türkmen bileleşigini döretdiler.



Emma, köp ýyl öň göçenlerine garamazdan, Ystambul türkmenleri Owganystan bilen aragatnaşygyny gowy dowam etdirýärler. Ystambuldaky söwdagärleriň köpusi 2001-nji ýylda Taliban rejimi dagan soň taryhy watanyna yzyna gaýdyp otaýda Türkiýedäki aragatnaşyklaryny ulanyp türk harytlaryň importy bilen mesgullanyp başladylar.



Ystambulyň türkmen bileleşiginin uly bölegini 1982-njy ýylda göçüp gelen bosgunlary düzýär. Emma, buňa garamazdan, bärde 90-njy ýylda Päkistan bilen Eýran üsti bilen Owganystandan göçüp gelen türkmenler hem köpdir. Öň bosgunlaryň hemmesinde hökman türk raýatlygy bolmalydy, soňky wagtlar bolsa köp migrantlar gizli göçüp gelip ýaşap otyrlar.



“Türkmen köçesindaki” dükanlaryň birisinde işleýän 17 ýaşyndaky Raşid bir ýyldan öňräk göçüp gelipdir. Ol okuw ýyllaryny ýadyna salyp ilki mekdebe Owganystanda, soňra Päkistanyn demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Peşawar şäherinde dowam edip, otaýda urdu we iňlis dilini öwrenenini aýdyp berýär. Bir belli wagtan soň onuň kakasy Ystanbulda öz el hünäri işini açypdyr – we göçmäne önki Kabulda bilelikde işlän türk işgärleri kömek edipdirler.



Esasan özbek, gazak we türkmen söwdagärleri ýaşansoň, Ystambuluň Zeýtinburnu şäherçesi kiçijik Orta Aziýa öwrülipdir. Iňrik garalanda köçelerde milli donlarda gezim edip ýören aksakallary görüp bolýar. Erkek adamlar agşamlary palow iýmek we soňky habarlary ara alyp maslahatlaşmak üçin üýşýärler. Ýaş nesil bolsa köplenç türk medeniýetini we durmuş tärini esas tutýar, emma ýaşulylar ýaly öz dilini we taryhy watanyny ýatdan çykarmaýarlar.