Institute for War and Peace Reporting | Giving Voice, Driving Change

Özbek-Türkmen gepleşikleri iki etniki toparyňam ynamyny ödemedi

By Rashid Usmanov

Özbek prezidenti Islam Karimowyň geçen oktýabr aýyndaky goňşy döwlete bolan wizitinden soň mende Özbegistan we Türkmenistanyň araçäginiň iki tarapynda-da ýaşaýan kiçi etniki toparlar barada ýazmak pikiri döredi. (Туркменистан-Узбекистан: президенты обошли вниманием проблемы диаспор)

Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar geçen ýyllaryň dowamynda çylşyrymly bolany üçin bu wizit gaty wajyp bolup durýardy. Çylşyrymly gatnaşyklar serhet ýakasyndaky ilata gürrüňsiz täsir etdi, hem-de ýerli ilatyň syýahat etmegine berk çäklendirmeler goýuldy. Mysal üçin, serhediň bir tarapynda ýaşaýan özbekler we türkmenler beýleki tarapdaky garyndaşlaryna diňe aýda bir gezek, her gezekde üç günlük möhlet bilen baryp bilýärler.

Haçan-da men Karimowyň wizitine bagyşlanan çäreleriň birisiniň Özbegistana degip duran demirgazykdaky türkmen regiony bolan Daşoguzda geçiriljek türkmen-özbek “dostluk festiwalydygyny” bilenimde, men ol ýere gitmek we ýagdaýy öz gözüm bilen görmek kararyna geldim.

Meniň Türkmenistana syýahatym ýeňil bolmady. Men türkmen gümrükhana işgärleriniň uzyn soraga tutmalaryna we polisiýanyň şübhesine sezewar boldum. Bu ýagdaýlardan soň, men belliklerimi kagyza ýazyp başlamaga het etmedim we adamlaryň maňa aýdan zatlaryny ýatda saklamaga çalyşdym. Şeýle-de foto-suratlary hem gizlinlikde düşürip başladym.

Türkmen welaýatlary Daşoguz we Lebap köpsanly etniki özbek ilatyň öýi bolup durýar. Çaklamalara görä özbekler Türkmenistanyň jemi bäş million ilatynyň  9,2 % -ni tutýar. Şol bir wagtda, 150 000-den gowrak etniki türkmenler Özbegistanyň Horezm, Surhandarýa we Garagalpagystan ýaly serhet regionlarynda ýaşaýarlar.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow özbek jemgyýetine şübheli seredýärdi. Bu ýagdaý 2002-nji ýyldaky ony ýok etmäge edilen başa barmadyk synanyşyklardan soň has-da erbetleşdi, sebäbi ol Daşkendi ony gurnamaga gatnaşmakda aýyplady. Mundan soň ýerli özbekleriň garşysyna, olaryň wekillerini ýokary işlerden aýyrmak we özbek dilinde okadýan mekdepleriň ählisini ýapmak ýaly birnäçe hereketler edildi. 2008-nji ýylda serhet zonalarda ýaşaýan birnäçe etniki özbekler deportasiýa edildi, maşgalalar bölünildi we olaryň käbirlerine pasport bermekden ýüz dönderildi.

Özbegistanda işlemek bilen, men islendik kritika (tankyda) ýol bermeýän we azat metbugaty goldamaýan awtoritar ýurtda žurnalist bolmagyň nähili kyndygyny bilýärin.

Ýöne meniň Türkmenistana syýahatym ýokary syýasy derejedäki biri-birine bolan ynamsyzlygyň kem-kemden aşakdaky adaty adamlara täsir ýetirýändigini, hem-de daşary ýurtly žurnaliste edil içaly ýaly serdilýändigini  görkezdi.

Haçan-da men türkmen tarapdaky gümrükhanadan geçenimde meniň sumkalarym edil serhetden geçýän beýleki adamlaryň goşlary barlanylyşy ýaly barlanyldy. Ýöne meniň ýanymda netbuk kompýuterim we foto-kameram bolany üçin men beýleki adamlardan tapuwutlanan bolmagym mümkin, we şol sebäpli meni goşmaça barlaga ugratdylar. Men ol ýerde bir sagatdan köpüräk sakladylar we gümrükhana işgäri meniň mobil telefonymy, foto-kameramy we kompýuterimi barlady. Onuň maňa düşündirmedik sebäplerine görä, meniň foto-kameramdaky käbir suratlar ol işgäriň göwnüne ýaramady we maňa şol suratlary ýok etjekdigime söz bermek zerur boldy.

Hatda men serhetden üstünlikli geçenimden soň hem maglumat ýygnamak aňsat wezipe bolmady.

Men özbek jemgyýetiniň gaty dostlukly, ýöne käbir gorkusy bolan adamlary bilen gepleşdim. Meniň öýünde bolan adamym gaty sypaýydy, ýöne men ondan nähili sorag sorasam hem, ol hemme zadyň gowydygyny aýdýardy. Ol ahyrsoňy dogrysyny aýtmaga razylaşdy, ýöne ilki bilen ogluny öýüň daşynda nätanyş adamlaryň ýokdygyny barlamak üçin ugratdy.

“Sen bize düşünip bilmersiň” diýip bu ýaşuly özbek aýtdy, hem-de Türkmenistanda olaryň öz medeniýetini ýüze çykarmaga ýol berilmeýändigini duýdurdy.

“Islendik närazylyk dürli usullar bilen basylyp ýatyrylýar” diýip ol aýtdy we döwlet syýasytynyň özbekleri assimilýasiýa etmegi göz öňünde tutýandygyny belledi. Ol şeýle-de bu syýasaty ýerine ýetirmegiň kanun goraýjy organlara tabşyrylandygyny we ol organlaryň hem diňe türkmenlerden ybaratdygyny hem aýtdy.

Bu meni myhman alan ýaşuly ýaly, maňa öz göwnündäkisini aýdyp bilen adam kän bolmady. Başga bir özbek adamlaryň açyk geplemekden gorkmagynyň adaty zatdygyny aýtdy. “Soňky 15 yylyň dowamynda adamlar edil olaryň babalary we mamalary Stalin döwründe ýaşaýyşlary ýaly gorkuda ýaşamagyny öwrendiler” diýip ol maňa aýtdy.

Meniň bilen gepleşip bilen bir türkmen aýal maňa türkmen medeniýetiniň nähili beýikdigini köp gezek aýtmakdan ýadamady. Haçan-da men özbekler we beýleki etniki azsanly toparlar barada soranymda ol  şeýle jogap berdi: “Olar eýýäm türkmene öwrüldiler, ýa-da barybir tizden öwrülerler.”

Surada düşürmek aýratyn bir kynçylyga öwrüldi. Meniň ýanymda bolan özbekler menden foto-kameramy gizlemegi haýyş etdiler. Men olaryň haýyşlaryna üns bermän Daşoguzyň merkezinde özbekleriň bir toparyny surada düşürenimde, ýakyndaky administratiw jaýdan bir adam çykyp geldi we menden foto-kameramy ýygnamagy talap etdi.

Başga bir ýerde, haçan-da men käbir suratlary gyssagly düşürip ýetişenimde, polisiýa işgäri bize seredip durdy. Meniň sürüjim menden bes etmegi haýyş etdi we “Olar biz Türkmenistanyň başga ýerinden gezelenje gelenlerdir diýip pikir edendirler, bolmasa biziň yzymyzdan kowalardylar” diýdi.

Bir gezek meniň ýanymda aýlanan özbek meni bir ýerli telekeçi bilen tanyşdyranda meniň Özbegistandan gelen žurnalistdigimi dilinden sypdyrdy. Biznesmen bada-bat gepleşmekden ýüz dönderdi, hem-de ýerli häkimiýetlerden ilki bilen özüniň gepleşmäge rugsat almalydygyny aýtdy.

Biz onuň ofisinden çykyp barýan wagtymyz, biz onuň eýýäm bir ýerlerik jäň edýändigini eşitdik. Men şol wagt indi özüme gitmäge wagt bolandygyna düşündim.

Yza gaýdyşyn barlag-geçiriş nokadynda meni gümrükhana işgärleriniň bir topary garşy aldy  we olar meni bir kabinete geçirip, iki sagatlap sorag etdiler. Meniň bilen serhetden geçen ýerli özbek hem başga bir otagda sorag edildi. Meniň netbuk kompýuterimi barlap, olar meni goýberdiler.

Ýöne serhetden geçilýän ýerde meni ýene bir gezek sakladylar we ol ýerde gullukçylar meniň kompýuterim we foto-apparadym bilen gyzyklandylar. Ondan soň graždan eşikli işgär geldi we meni ýene-de iki sagatlap sorag etdi.

Men yzyma Özbegistana ahyr-soňy geçenimde öz üstümden agyr ýük aýrylan ýaly boldum. Indi meniň işimiň iň bolmanda bir bölegi edildi, hem-de maňa öz ýurdumda, Özbegistanly türkmenleriň arasynda maglumat toplamak galdy. Munuňam öz kynçylyklary bar, ýöne bu ýerde meni iň bolmanda içaly diýibä hasaplamazlar.

Raşid Usmamow Özbegistanly žurnalistiň psewdonimidir.