Özbegistan we Türkmenistan graždan azatlyklary boýunça "iň erbetleriňem erbediniň" arasynda

Özbegistan we Türkmenistan graždan azatlyklary boýunça "iň erbetleriňem erbediniň" arasynda

Türkmenistan we Özbegistan, Birleşen Ştatlarda ýerleşýän gözegçi topary bolan Freedom House (Fridom Haus) tarapyndan syýasy hukuklar we graždan azatlyklary boýunça "iň erbetleriňem erbedi" diýlip hasaplanylýan ýurtlaryň arasyna goşuldy.

Gözegçi topar bu iki Merkezi Aziýa döwletini, Demirgazyk Koreýa, Siriýa, Somali we Saud Arabystany, Eritria we Ekwatorial Gweneýa bilen bir hatarda, iň pes dokuzlygyň içinde goýýan, Dünýäde Azatlyk baradaky hasabat 2012, hasabatyny maý aýynyň 1-inde ýaýratdy.

“Eger 2011-nji ýyla çenli “ömürlik prezident”diýen fenomen esasan Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen baglanyşykly diýlip hasaplanan bolsa, şu günki gün bu öňki Sowet Soýuzynyň köp wagtlap höküm sürýän liderlerine has ýakyn” diýip Freedom House aýtdy we Özbegistan bilen Türkmenistanyň Sowet geçmişinden gelip çykýan diktatorlar tarapyndan dolandyrylýandygyny belledi.

Bu iki goňşy döwlet “azat däl” diýlip bellenildi we Tajigistany we Gazagystany hem öz içine alýan şeýle ýurtlaryň 46 sanysynyň hataryna goşuldy; bularyň dördisi hem Freedom House-yň ýyllyk hasabatlarynyň soňky üç sanysynda hem şu kategoriýada bellenilipdi.

Şu ýyl Merkezi Aziýada iň gowy netije gazanan ýurt Gyrgyzystan bolup, ol indi ikinji ýyl “bölekleýin azat” diýlip bellenildi.

Wýaçeslaw Abramow, Freedom House-yň Gazagystanyň Almaty şäherindäki direktory, Özbegistan bilen Türkmenistanda soňky on ýylyň dowamynda söz erkinliginiň "doly basylyp ýatyrylandygyny" aýtdy.

Garaşsyz žurnalistler iki ýurtda-da köpsanly problemalarbilen ýüzbe-ýüz bolýarlar we "çydar ýaly däl we howply" şertlerde işlemeli bolýärlar diýip Abramow aýtdy.

“Žurnalistler yzarlanylýar, çynlakaý howplara sezewar edilýär, hem-de olaryň käbirlerientegem türmedeligine galýar” diýip ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistan bir-partiýaly, hiç-hili garaşsyz habar beriş mediaýasy bolmadyk, polisiýa döwleti bolup durýär. Howpsyzlyk gulluklary hemme ýerde. Olar telefonlary diňleýärler, internet traffigine (akymyna) gözegçilik edýärler we şubhe bildirilýän adamlary ýurtdan çykmakdan saklaýarlar.

Özbegistan täzelikler internet saýtlaryny, şol sanda Bi-Bi-Si-ni (BBC), Azytlyk Radiosyny, Amerikany Sesini (Voice of America) we IWPR-y bloklaýar. Mart-Aprel aýlarynda bu ýurt indiwidual žurnalistleri gysmagyny has artdyrdy. (Goşmaça maglumat üçin: Özbegistanda başgalara göz görkezmek üçin žurnalistler nyşana alynýar.)

Gyrgyzystan-Soros fondunyň Media Goldaw Programmasynyň direktory Elina Karakulowanyň aýtmagyna görä, Gyrgyzystan belkide öz goňşularyndan biraz oňatrak öňe gidýändir, ýöne olam öz üstünliklerine gowanyp oturyp bilmez. Mysal üçin, Gyrgyz parlamenti Ferghana.ru websaýtynyň ýapylmagyny buýurdy we täzelikler gulluklaryna prezident saýlawlary döwründe daşary ýurt mediýalarynyň materiallaryny alyp görkezmegi gadagan etdi.

Freedom House-yň hasabaty köpsanly Gyrgyz ilatybilen az sanly Özbekleriň arasyndaky “düýpli bölünişikleri” belläp geçdi, hem-de günortadaky Oş we Jalalabad şäherlerinde 2010-njy ýylyň iýun aýynda bolan we 400-den gowrak adamyň ölümine getiren gandöküşikler üçin jogapkär adamlary adalatyň öňüne getirmekde entek uly iş edilmändigini aýtdy.

Karakulowanyň pikirine görä Gyrgyzystan mundan gowy işlemeli, hem-de Merkezi Aziýa döwletleri üçin ýetmeli sepgit has ulurak edilip bllenilmeli.

“Biz Täjigistandan, Gazagystandan, Türkmenistandan we Özbegistandan öňde – biz iň erbetleriň arasynda iň gowusy” diýip ol aýtdy. “Ýöne bu begener ýaly zat däl. Eger ýakyndaky reýtinglere seretseň, biz şol duran ýerimizde durus.”

Bu makala Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.netadresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.

Human rights
Frontline Updates
Support local journalists