ÝHHG Türkmen saýlawlaryndan gaça durýär

ÝHHG Türkmen saýlawlaryndan gaça durýär

 

ÝHHG-nyň (Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy) Demokratiki Institutlar we Adam Hukuklary baradaky Ofisi (ODIHR), guramanyň Türkmenistanda 12-nji fewralda geçjek prezidentlik saýlawlarynasynçylar toparyny ibermezliginimaslahat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow ikinji möhlete saýlanmak üçin saýlawa çykýär. Onuň garşysyna duran kandidatlar režim tarapyndan ýörite saýlananlar, şonuň üçin onuň uly ýeňiş gazanjakdygy anyk zat.

3-nji ýanwardaky hasabatynda, ODIHR öz maslahatyny Türkmenistanda köp-partiýalylygyň ýokdugyna, häzirki prezidente hakyky alternatiwa bolup biljek kandidatlary saýlamak mümkinçiliginiň çäklidigine, hukuklaryň we azatlyklaryň bozulmalaryna, hem-de türkmen kanunlary bilen ÝHHG agza ýurtlarynyň borçlarynyň arasyndaky tapawutlara esaslandyrýar.

Bu beýannama ODIHR-iň baha beriş toparynyň Türkmenistana eden saparyndan soň taýýarlanyldy.

ODIHR 2008-nji ýyldaky parlament saýlawlaryna çäklendirilen “saýlawagoldaw toparyny” iberipdi, ýöne olar saýlaw gözegçileri däldi we nertijede hiç-hili resmi hasabat taýýarlanylmady.

Edil Türkmenistan ýaly, goňşy ýurt Gazagystan hem ÝHHG-nyň agzasy. Ol ýerde 15-nji ýanwarda geçiriljek parlament saýlawlary üçin ÝHHG-nyň saýlawa gözegçilik edýän topary ol ýurtdaeýýäm bir aý töwerek hereket edýär.

Türkmenistanyň içindäki kommentatorlar saýlawa hiç-hili daşky barlagyň bolmajakdygyna özleriniň lapykeç bolýandyklaryny aýan etdiler.

“Bu saýlaw gününde etrap we ýerli saýlaw komissiýalarynyň işini düýpli ýeňilleşdirer” diýip Aşgabadyň eteginde ýaşaýan 50 ýaşly mugallym aýtdy.

Haçan-da Berdimuhammedow daşary ýurtdaky oppozisiýa saýlawa gatnaşmaga ýol bermeginiň mümkindigini ýaňzydanda, bu saýlawlar öňkilerden biraz aç-açan bolar diýen umytlar döräpdi. Bu daşary ýurt delegasiýalarynyň, şol sanda ÝHHG-nyň, saýlawa taýýarlygy maslahat etmek üçin ýurda birnäçe gezek sapar etmegine getirene meňzeýär.

Prezidentiň ol sözlerinden hiç-hili netije bolmady, hem-de ýurtda entegem onuň öz partiýasyndan başga partiýa ýok. Kandidatlary nominasiýa etmek prosesi, jemgyýetçilik agzalarynyň öňünden bellenen adamlary tassyklamagyny üpjün edýän, ägälik bilen gurnalan ýygnaklardan ybarat boldy.

Häzir daşary ýurtda ýerleşen Türkmenistanly žurnalist Ýelena Mätiýewa, hatda daşary ýurtly gözegçiler saýlawa gelselerem, munuň eýýäm giç boljakdygyny aýdýar - kandidatlary saýlamak prosesi eýýäm bolup geçdi.

“Saýlawa taýýarlygyň uly bölegi hiç-hili gözegçisiz ýa-da ekspertsiz eýýäm amala aşyryldy. Aldaw we psewdo-domokratiýa gurallary bolsa, ýerinde oturan prezidentiň ýeňiş gazanmagyny üpjün etmek üçin, eýýäm gerek tizligini gazandy” diýip ol aýtdy. “Indi saýlawa gözegçilik etmäge hiç-hili sebäp ýok.”

Wenada ýerleşýän Türkmen Adam Hukuklary Inisiatiwasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatulliniň aýtmagyna görä,ÝHHG-nyň resmileri Türkmenistanda dowam edýän azatlyklary we hukuklary bozmagyň köpsanly hadysalaryna göz ýumanlaryna eýýäm köp wagt boldy. Berdimuhammedow bilen, Türkmen parlamentiniň agzalary bilen, saýlaw işgärleri we ýurduň Adam Hukuklary we Demokratiýa Instituty bilen bolan duşuşyklardan soň, ÝHHG prezident saýlawlarynyň hiç bir ýagdaýda-da demokratiki bolmajakdygyna indi düşünene meňzeýär.

“Prezident saýlawlaryna gözegçilik etmekden ýüz döndürmek bilen, ÝHHG muňa demokratiki saýlaw diýmekden ýüz döndürýär, hem-de Berdimuhammedowyň 5 ýyl mundan öň söz beren demokratiki reformalarynyň hiç zada getirmändigini ykrar edýär” diýip Tuhbatullin aýtdy.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.netadresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.

Frontline Updates
Support local journalists