Türkmenistanda adatdaky ähtiýaçlyk çäreleri

Türkmenistanyň häkimiýetleri Sapamyrat Türkmenbaşynyň deregine geljek prezidentiň saýlawlarynyň öňi ýakynynda howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýärler.

Saýlawdan öň ýanyndaky döwürde häkimiýetler ilat gözegçilik çärelerini berkidýärler.

Bu güne çenli, 11-nji fewrala belläp goýulan saýlawlara gatnaşjak 6 kandidatyň ady mälim boldy. Emma, hemme zat bellenen plan boýunça gitse, şu wagt prezidentiň wezipesini ýerine ýetirýän Gurbanguly Berdymuhammedow döwletiň täze ýolbaşçysy bolmaly.

Ömürlik prezidentiň ölüminden soň saýlaw geçirme mümkinçiligini döretmek üçin, ýurdyň iň ýokary kanun çykaryjy organy, Halk Maslahaty, ýürek ýetmezliginden ölen Nyýazowyň ölüminden bäş güň soň, ýagny 26-njy dekabrda geçirilen adatdan daşary mejlisinde saýlaw kanunyny üýtgetdi. Bu üýtgemeler Berdymuhammedowyň kandidaturasyny makullamak üçin mümkinçilikleri döretýärler.

28-nji dekabrda Sentrizbirkomyň başlygy Murat Garryýew saýlawlara gatnaşjak bäş kandidatyň adyny yglan etdi, olaryň arasynda nebit pudagynyň we mineral resurslaryň ministry Işanguly Nuryýew we dürli regionlardan başga dört resmi wekil.

Wenada ýerleşýän Türkmen Initsiatiwasy jemgyýetçilik guramasyndan Farid Tuhbatullinyň beren habarlara göra, Özbegistan bilen serhet entäk hem ýapyk.

Türkmenistanyň daşynda ýaşaýan hukuk goraýjynyň aýdysyna görä, goranma ministrligi, esasan hem onuň garamagynda bolan serhet raýonlaryndaky motorlaşdyrylan bölümler ýokary derejeli taýarlykdalar.

Howpsuzlyk güýçleri ynjalyklygy saklamak çäreleri görmek buýrugyny alan bolsalar gerek. Bunuň ýaly çäreleriň çäklerinde, howpsuzlyk ofitslerleri 6 adamdan ybarat bolan toparlary döredip graźdan sektorynyň aktiwistleriniň, syýasy tussaglaryň garyndaşlarynyň we hökümetiň daşary ýurtda ýerleşýän opponentleriň gözegçiligini güýçlendirdiler.

Hukuk goraýjynyň aýdyşyna görä, kärhanalaryň ýolbaşçylary işçileriniň gözegciligini berkitmek we tolkunlama synanyşmalara ýol bermezlik buýrugyny aldylar. Türkmenbasy şäherinde deňiz portynyň we ýylylyk stantsiýasynyň işçileriniň arasynda ýygnaklar geçirilip işden boşadylma howpynyň astynda olara parahatlygy saklamak buýrylypdyr.

Hukuk gorayjynyň aýdyşy ýaly, ofitser toparlary Krasnowodsk we Mary şäherlerine hem gidip otaýda ýerli aktiwistler bilen gürrüň geciriptirler. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň ünşüni köpleňç daşary ýurt raýatlary bilen aragatnaşygy saklaýan, daşary ýurtlara çalt-çalt gidýän, ýa-da graźdan aktiwliginde güman edilýän adamlar çekýärler.

Bundan başga, şol hukuk goraýjynyň aýtamgyna görä, bu adamlaryň kategoriýasy öz kandidatyny öňe çykaryp biljek ýaly we saýlawdan öňki protsess barada hakykaty jemgyýetçilige ýetirip biljek ýaly hasaplanýar. Häkimiýetler daşary ýurtdaky oppozitsiýadan has ýurdyň içinde döräp biljek närazylygy gorkýarlar.

Tuhbatullin beren maglumatlara görä, daşary ýurtda gizlenýän we repressirlenen rayatlaryň garyndaşlarynyň öýlerini gizlin yzarlama goýdylar.

Bunuň ýaly dartgynlylyk ýagdayynda, köp adam tussag edildi. Agzybirlik oppozitsion hereketiň lideri Nurberdi Nurmuhammedow 23-nji dekabrda öýünden çykyp, gaýdyp gelmänsoň, ol tussag astyna düşeni barada maglumatlar gelip gowuşmana başlady.

Ýurdyň demirgazyk şäheri Daşoguzda Nyýazowyň ölüminden 4 gün soň tussag edilen hukuk goraýjy – ekolog Andreý Zatokany politsiýa entäk hem göýbermändir.


Also in this issue

The government of Turkmenistan has imposed tighter security measures in advance of the election of a president to replace Saparmurad Niazov. Surveillance and other means of controlling the population have become tougher than ever.